Porsche özüniň Cayman GTS awtoulagynyň sport wersiýasyny tanyşdyrdy

  • 21.11.2021 08:12
  • 5.6k+

Los Anjelesde geçirilen awtoulag sergisinde ilkinji gezek Porsche 718 Cayman GT4 RS Clubsport awtoulagy görkezildi. Bu barada motor.ru habar berdi.

Sport awtoulagy kuwwatlylygy, dinamiki aýratynlyklary we aerodinamikasy boýunça öňki wersiýasyndan has gowy tapawut edýär. Ol 911 GT3 Cup-yň 4.0 litrlik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy, netijede onuň kuwwaty 500 at güýjüne ýetdi.

Porsche täze dört litrlik alty silindrli hereketlendirijiniň ozalky 3,8 litrlik birliginden 18 göterim ýokarydygyny mälim etdi. Optimal goýberme ulgamynyň kömegi bilen enjam iň ýokary kuwwatyna minutda 8,300 aýlawda çykýar, bu bolsa öňküsinden 800 aýlaw ýokarydyr.

981 nesliň binýadynda döredilen Cayman GT4 Clubsport ýaryş awtoulagy ilkinji gezek 2016-njy ýylda peýda boldy we iki ýylda onuň 421 nusgasy satyldy. 2019-njy ýylda bolsa has şowly çykan 718 Cayman GT4 tanyşdyryldy, onuň satylan awtoulaglarynyň sany 500 birlige ýetdi.


18.03.2026 15:16
2.2k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

14.03.2026 15:49
2k+

Porsche çykdajylary azaltmak üçin Taycan we Panamera modellerini birleşdirmegi göz öňünde tutýar

Porsche kompaniýasy çykdajylary azaltmak üçin Taycan we Panamera modellerini birleşdirip biler. Metbugat habarlaryna görä, Panamera ady galyp, Taycan-yň bolsa awtoulaglaryň hataryndan çykarylmagy mümkin. Porsche kompaniýasynyň ilkinji elektrik awtoulagy Taycan žurnalistlere 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda görkezildi...

11.03.2026 19:05
2.3k+

Porsche-niň iň täsin kolleksiýasyndan 18 awtoulag auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s auksion öýi meşhur kolleksioner we dizaýner Magnus Wokeriň «Porsche» kolleksiýasynyň bir bölegini satuwa çykarar. 18-nji martdan 25-nji mart aralygynda geçiriljek auksionda 18 sany awtomobil hödürlener, olaryň agramly bölegi klassyky Porsche 911 modellerine esaslanýar...

04.03.2026 18:41
2.4k+

SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy

SAIC awtokonserni we Huawei tehnologiýa ägirdi tarapyndan döredilen bilelikdäki Shangjie hytaý brendi ikinji modeli bolan Z7 elektrik awtoulagynyň gyşky synagynyň wideosyny çap etdi. Wideoda awtoulagyň dizaýny ilkinji gezek doly görkezilýär...