Energetiki içgileriň saglyga ýetirýän zyýany ýüze çykaryldy

  • 21.11.2021 15:01
  • 18k+

Rus newrolog lukmanlary Pawel Horoşýow we Roman Lýukmanow energetiki içgileriň saglyk üçin howpy barada gürrüň berdiler. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Olaryň bellemeklerine görä, energetiki içgileriň iň zyýanly täsiri bedeni tapdan düşürmek ukyby bolup durýar.

“Biz energetiki içgileri içmek bilen metabolizmi güýçlendirýäris, munuň netijesinde öýjükleriň gory azalýar we kadaly işleýşi bozulýar. Gipofiziň işinde näsazlyk ýüze çykýar. Eger-de energetiki içgiler dowamly ulanylýan bolsa, onda geljekde ähli gormonal ulgamlaryň işini dikeltmek kyn bolar"-diýip, Horoşýow belleýär.

Mundan başga-da, aşa köp energetiki içgileri içmek tahikardiýa - ýürek urşunyň minutda 90 urgudan ýokarlanma howpuny döredip biler. Eger-de uzak wagtlap puls kadalaşmasa, onda lukmana ýüz tutmaly bolar.
Lýukmanow energetiki içgileriň beden öz serişdeleriniň ýetmezçiligini duýanda ulanylýandygyna ünsi çekdi. Bu uky ýetmezçiligi ýa-da durmuş işjeňligi bilen bagly ýüze çykýar.

"Düzgün bolşy ýaly, ilki nerw ulgamy ejir çekýär, dürli näsazlyklar ýüze çykýar, immunitet peselýär, kesellegiçlik derejesi ýokarlanýar, ondan soňra bolsa hemme zat adamyň ýaşyna we ozalky başdan geçiren kesellerine bagly bolýar" diýip, lukman duýdurýar.


düýn 07:25
4.3k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.4k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.2k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......