Bill Geýts: COVID-19 pandemiýasy 2022-nji ýylda tamamlanyp biler

  • 20.11.2021 19:47
  • 14k+

Microsoft-yň esaslandyryjysy, milliarder Bill Geýts COVID-19 pandemiýasynyň 2022-nji ýylda tamamlanyp biljekdigini belledi. Bu barada TASS habar berdi.

Onuň pikiriçe, adamzat koronawirusyň has howply görnüşine duçar bolmasa, global pandemiýa 2022-nji ýylyň ortalarynda gutarmaly. Şol bir wagtyň özünde, telekeçi munuň COVID-19-a garşy köpçülikleýin sanjymlaryň netijesinde mümkindigini düşündirdi. Şeýle hem ol sanjymlaryň kömegi we adamzadyň tebigy immunitetiniň ösmegi bilen koronawirusyň hem adaty dümew ýaly möwsümleýin ýeňil ýokançlyga öwrülip biljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Geýts indiki ýyl koronawirusa garşy sanjymlaryň üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň çözüljekdigine umyt bildirdi. Munuň üçin ol dünýä jemgyýetçiligini işjeňlige we täze pandemiýa howpuny azaltmak üçin dümewi düýbünden ýok etmäge çagyrdy.


19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.01.2026 15:03
5.3k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

13.01.2026 16:15
6.5k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

05.06.2025 10:17
9.4k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar...