Apple ulanyjylara enjamlaryny özbaşdak bejermekleri üçin bölekleri satyp başlar

  • 19.11.2021 19:07
  • 7.1k+

Apple öz enjamlary üçin özbaşdak bejermek maksatnamasyny işe girizýändigini mälim etdi. Indi kompaniýa enjamlaryň döwlen böleklerini özbaşdak çalşyp biljek ulanyjylara asyl bölekleri satar. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Bu maksatnama indiki ýylyň başynda ABŞ-da durmuşa geçirilip başlar we ýylyň dowamynda başga-da birnäçe ýurda ýaýbaňlanar. Onuň çäklerinde Apple bölekleri we gurallary satar, şeýle hem enjamlary özbaşdak abatlamak boýunça görkezmeleri ýaýradar.

Ilkibaşda dükanda iPhone 12-ni we iPhone 13-i bejermek üçin giňden ýaýran bölekleriň we gurallaryň 200-e golaýy elýeterli bolar. Soňra bolsa Mac kompýuteriniň abatlaýyş bölekleri satuwa çykarylar.

Apple köp ýyllaryň dowamynda enjamlaryny abatlamak meselesinde gaty berk syýasat ýöretdi - ozal muny diňe resmi taýdan ygtyýarly hyzmat merkezleri edip bilýärdi. 2019-njy ýylda kompaniýa garaşsyz hyzmat merkezleri üçin hem abatlaýyş böleklerini satyp başlady.


şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 21:09
809

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....