Messi Goal.com tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy

  • 18.11.2021 16:24
  • 7.3k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi Goal.com tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýeňiji okyjylaryň ses bermegi esasynda kesgitlenildi. Ses berişlige 14 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Onuň netijesine görä, Messi “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçmegi başardy. Üçünji orunda bolsa “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski ýerleşdi.
Goal.com-a saýlamagy boýunça ýylyň iň gowy 10 oýunçysy şulardan ybarat:

  • Lionel Messi ("PSŽ", Argentina);
  • Kriştianu Ronaldu ("Mançester Ýunaýted", Portugaliýa);
  • Robert Lewandowski ("Bawariýa", Polşa);
  • Mohamed Salah ("Liwerpul", Müsür);
  • Kilian Mbappe ("PSŽ", Fransiýa);
  • Erling Holand ("Borussiýa", Norwegiýa);
  • Karim Benzema ("Real", Fransiýa);
  • Ngolo Kante ("Çelsi", Fransiýa);
  • Kewin De Bruýn ("Mançester Siti", Belgiýa);
  • Neýmar ("PSŽ", Braziliýa).

şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....