Bellator Moskwada Fýodor Ýemelýanenkonyň hoşlaşyk söweşini geçirer

  • 16.11.2021 14:02
  • 21k+

Bellatoryň prezidenti Skott Koker promuşeniň rus söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko üçin Moskwada ýene bir söweş guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol "Iň Soňky Imperatoryň" karýerasyndaky iň soňky söweş bolar. Bu barada MMAJunkie salgylanyp, legalbet.ru habar berdi.

“Fýodoryň hoşlaşyk söweşi üçin biz Russiýada agyr agramda ähli döwürleriň beýik söweşijisiniň karýerasyna laýyk gelýän uly göwrümli çäräni guramagy meýilleşdirýäris. Ol iňňän gowy bolmaly. Bu çäre geljek tomusda Moskwada geçirilip bilner.

Fýodor iň soňky söweşi Russiýada geçirmek isleýär we biz oňa mümkinçilik dörederis. Biziň uly meýilnamalarymyz bar. Emma bu ýöne bir adaty söweş bolmaz. Biz, hakykatdanam, üýtgeşik bir zat etjek bolýarys, şonuň üçinem eýýäm şu wagtdan meýilleşdirmäge başlaýarys"- diýip, MMAJunkie Kokeriň sözlerini getirýär.

23-nji oktýabrda 45 ýaşly Ýemelýanenko Russiýada geçirilen Bellator ýaryşynda birinji raundda amerikaly Timoti Jonsony nokaut bilen ýeňdi. Umuman alanyňda, ol MMA-da 40 ýeňiş gazandy we alty gezek ýeňildi.


08.06.2026 12:15
2k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.3k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...