Xiaomi 12-niň anons ediljek senesi mälim edildi

  • 16.11.2021 09:26
  • 3.6k+

Birnäçe aýlap dowam eden myş-myşlardan we çaklamalardan soň, täze flagman Xiaomi-niň çykaryljak wagty mälim edildi. Bu barada Gizmochina salgylanyp, msn.com habar berdi.

Maglumat Digital Chat Station atly ynamdar insaýder tarapyndan ýaýradyldy. Ol hytaýly brendiň Xiaomi 12-nji dekabrda Qualcomm Tech Summit 2021-iň yzysüre çykarjakdygyny mälim etdi.
Çip öndürijileriň sammitiniň 30-njy noýabrdan 2-nji dekabr aralygynda meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, täze flagman smartfony indiki aýyň birinji ýarymynda anons ediler diýlip garaşylýar.
Ozal ýaýradylan maglumatlara görä, enjam SoC Snapdragon 898/895-e esaslanýan ilkinji smartfon bolar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...