Möwsümiň iň moda reňki kesgitlendi

  • 14.11.2021 23:40
  • 11k+

Žurnalistler nusgawy gara reňkiň ornuny tutýan şu möwsümiň iň moda reňkini kesgitlediler. Belli adamlaryň arasynda mele öwüşginleri giňden meşhurlyk gazandy diýip, “The Sun” neşiri moda hünärmenleriniň pikirini beýan edýär. Muny Trend ýetirýär.

Gözlegleriň dowamynda materialyň awtorlary 2021-nji ýylda köpçülige çykan meşhur modelleriň, blogerleriň, inflýuenserleriň, telekeçileriň we şa maşgalasynyň agzalarynyň obrazlaryny seljerdiler. Netijede, olar ýyldyzlaryň köpçülikde goňur, mele, sarymtyl we şuňa meňzeş reňkdäki eşiklerde has köp görünýändikleri baradaky netijä geldiler. 
Mysal üçin, şazada Uilýamyň aýaly Keýt Middlton mele palasso balagynda we longsliwde (ýeňi uzyn ýuka futbolka), şeýle-de paltoda we kapuçino reňkdäki ökjeli köwüşde göründi. Aktrisa Zendeýa 78-nji Wenesiýa kinofestiwalyna deri reňkli Balmain köýneginde geldi. 
Redaktorlaryň pikiriçe, açyk reňkli monohromik egin-eşikler eýelerini “gymmat görkezýärler”, şol bir wagtyň özünde egin-eşikleriň lýuks brendleriň hataryndan bolmagy hökmany däldir.
Şeýle-de, öz döwründe stil ikonalary şa gyzy Diananyň, aktrisalar Merilin Monronyň we Greýs Kelliniň bir reňkli eşikleriň muşdaklary bolandygy bellenilýär. 

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....