«Kalmar oýny» YouTube-de meşhurlygy boýunça «Tagtlaryň oýnundan» öňe geçdi

  • 13.11.2021 08:51
  • 7.3k+

Netflix akym platformasynda çykan Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” serialy YouTube-de onuň bilen baglanyşykly wideolara tomaşalaryň sany boýunça HBO-nyň “Tagtlaryň oýny” serialyndan öňe geçdi. Bu barada KBS teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Kalmar oýny” bilen baglanyşykly bolan wideo mazmun, umumy alanyňda, dowamlylygy dürli bolan 131 müň töweregi wideony, şol sanda resmi treýlerleri we serialdan klipleri, şeýle-de muşdaklar tarapyndan döredilen wideolary öz içine alýar. 10-njy noýabryň ýagdaýy boýunça, bu mazmuna tomaşalaryň umumy sany 17 milliarddan geçdi. Teswirleriň we “haladym” jogaplarynyň sany 533 milliona ýetdi. Bu maglumatlar sekiz hepdäni öz içine alýar.

“Tagtlaryň oýny” serialy YouTube-de on ýylda 16,9 mlrd tomaşa sany bilen 420 müň wideo ýygnady. Wideonyň aşagynda 233 mln teswir we jogap galdyryldy.

Ilkinji gezek “Kalmar oýny” Netflix-de 17-nji sentýabrda görkezildi, bir hepdeden soň tomaşa etmek boýunça birinji orna çykdy. Serial diňe bir global reýtingde däl, eýsem köp sanly aýry-aýry ýurtlarda, şol sanda ABŞ-da meşhur filmleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Onda diri galmak oýny barada gürrüň berilýär. Munda durmuşy kyn ýagdaýa düşen adamlar uly pul baýragyny almak üçin töwekgelçilik edýärler. 


20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.6k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....