Gonkongda Aziýadaky iň gymmat kwartira satyldy

  • 11.11.2021 08:29
  • 13k+

Gonkongda Aziýadaky iň gymmat kwartira bir meýdanyň bahasyny göz öňünde tutup, 82 mln dollara satyldy. Bu barada “South China Morning Post” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Ýagny, gürrüň milliarderleriň ornaşmak isleýän Pik Wiktoriýa baýyrlygynda ýerleşýän Mount Nicholson täze ýaşaýyş toplumyndaky kaşaň emläk barada gidýär. Jaýyň her bir inedördül futy (0,09 inedördül metr) şertnama goşulan üç awtomobil duralgasy bilen bilelikde alyja 18 müň dollara düşdi, bu hem sebitde rekord derejeli baha boldy.
Mundan başga-da, ady agzalmaýan bu maýa goýujy şol toplumda bahasy 72 mln dollar bolan ýene bir jaýy satyn aldy.
Rieltorlaryň aýdyşyna görä, Gonkongda kaşaň gozgalmaýan emläklere bolan isleg dekabr aýynyň ortalaryndan karantinsiz gatnawlar üçin pandemiýa başlany bäri ýapyk bolan Hytaý bilen gury ýer serhedini kem-kemden açmak meýilnamasy baradaky habarlardan soň ýene ýokarlanyp başlady. 
Şu ýylyň tomsunda şol ýaşaýyş toplumynda dünýädäki iň gymmat awtoduralga ýeri 1,3 mln dollara satyldy.
Gonkongyň täjirçilik gozgalmaýan emläk bazary dünýäde iň gymmady hasaplanýar. Geçen hepde Gonkongyň iş merkezindäki ýer bölegi hökümet auksionynda rekord baha – 6,5 mlrd dollara satyldy.


şu gün 14:01
1k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 08:04
8.5k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......