Bloomberg: Netflix gysga wideolary görmek funksiýasyny işe girizer

  • 11.11.2021 08:31
  • 2.5k+

Netflix platformasy programmasyna TikTok kliplerine meňzeş gysga wideolary görmäge mümkinçilik berýän çagalar üçin niýetlenen Kids Clips funksiýasyny işe girizýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, kino.rambler.ru belleýär.

Bu funksiýa akym hyzmatynyň ýörite çagalar kitaphanasyndan gysga wideolary görmäge mümkinçilik berer. Her gün täze klipleri goşmak meýilleşdirilýär. Agentligiň belleýşi ýaly, Netflix şeýle etmek bilen YouTube we TikTok programmalaryny halaýan ýaş ulanyjylaryň ünsüni çekmäge synanyşýar.

Täze funksiýa şu ýylyň başynda Netflix programmasynda peýda bolan Fast Laughs opsiýasyna esaslanýar, onuň kömegi bilen filmlerden, teleseriallardan we komikleriň çykyşlaryndan bölekleri görmek bolýar. Wideoklipleriň täze lentasy Fast Laughs-yň lentasy ýaly bolar, ýöne onda wideolar dikligine däl-de, keseligine we doly ekranda görkeziler. Şol bir wagtyň özünde, çagalar bir gezekde 20-den köp klip görüp bilmezler.

Funksiýany işläp düzüjiler platformanyň iň meşhur wideolarynyň reýtingini hem düzdüler, bu ulanyjylara gyzykly materialy tapmaga kömek eder. Funksiýa şu hepdede iOS operasion sistemasy üçin Netflix programmasynda elýeterli bolar. Ýöne ony häzirlikçe diňe iňlis dilli we ispan dilli ýurtlardan bolan ulanyjylar ulanyp biler.


12.12.2025 12:14
3.9k+

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialynyň ikinji möwsüminiň tizerini görkezdi

Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýat” (Аватар: Легенда об Аанге) serialynyň ikinji möwsüminiň tizer-treýlerini hödürledi. Täze möwsüm 2026-njy ýylda platformada çykar. Taslama 2005-2008-nji ýyllaryň asyl multserialynyň aktýorlaryň oýnamagynda çykarylan wersiýasydyr...

11.12.2025 09:40
2.3k+

Netflix Zoluşkanyň «rehimsiz» öweý uýalary barada multfilm düşürer

Netflix striming hyzmaty Zoluşkanyň öweý uýalarynyň hekaýasyny täze bir tarapdan görkezjek Steps animasion filminiň üstünde işleýändigini habar berdi. Sýužet boýunça, adatça, rehimsiz hasaplanýan gahrymanlar başga keşpde suratlandyrylar...

09.12.2025 14:31
3.9k+

Paramount Warner Bros.-y Netflix-den kakyp almak üçin $108 mlrd teklip etdi

Paramount Skydance her paý üçin 30 dollar baha bilen Warner Bros. Discovery-ny 108 mlrd dollara satyn almak teklibi bilen çykyş etdi. Bu Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen şertnamany ylalaşandan birnäçe gün soň bolup geçdi diýip, Bloomberg habar berýär...

08.12.2025 11:33
3.3k+

Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar...