Werstappen “Formula-1-iň” Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 08.11.2021 14:20
  • 2.8k+

“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 18-nji tapgyry bolan Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. 

“Mersedesden” ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton pellehana ikinji bolup geldi. Üçünji orny “Red Bull-yň” sürüjisi meksikaly Serhio Peres eýeledi. Ol ýurdunda geçirilýän Gran-pride baýrak alan ilkinji meksikaly ýaryşyjy boldy. 

Werstappen 312,5 utuk bilen çempionatda lider bolmagyny dowam etdirýär, ikinji orny Hemilton (293,5), üçünji orny onuň topardaşy finlýandiýaly Waltteri Bottas (185) eýeleýär. 

“Red Bull” 477,5 utuk gazanyp, Konstruktorlaryň kubogynda birinji orunda ýerleşýän “Mersedesden” (478,5) yza galyşyny azaltdy. Üçünji orny “Ferrari” (268,5) eýeleýär. Sanawy “Hass” jemleýär (0).

Indiki tapgyr 12 – 14-nji noýabrda Braziliýada geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

01.06.2026 17:02
6.8k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......