Çehiýanyň Prezidenti bagryň sirroz keseli bilen hassahana ýerleşdirildi

  • 07.11.2021 09:44
  • 6.6k+

Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman bagryň sirroz keseli bilen hassahana ýerleşdirildi, häzirki wagtda oňa iýmitlendiriji turba goýuldy. Bu barada lukmanlar maslahatynyň agzasy, hirurg Pawl Pafko salgylanyp, Çehiýanyň ČTK agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Häzirki wagtda prezidente deri arkaly endoskopik gastrostomiýa üçin turba goýuldy” – diýip, Pafko aýtdy we turbanyň Zemana hassahana ýerleşdirilen ilkinji gününde goýlandygyny belledi.

Öň, Reýter agentliginiň habar berşi ýaly, lukmanlar Zemanyň ýagdaýynyň gowulaşandygyny, ýöne oňa hassahanada galmagyň gowy boljakdygyny aýtdylar. Lukmanlar maslahatynyň ýolbaşçysy Tomaş Zima Zemanyň haçan hassahanadan çykaryljakdygyny aýdyp bilmedi.

Şenbe güni prezidentiň hassahanada soňky saýlawlarda ýeňiş gazanan liberal partiýalaryň iki birleşiginden Çehiýanyň premýer-ministrligine dalaşgär Petr Fialany kabul edendigi we oňa respublikanyň täze hökümetini düzmegi tabşyrandygy habar berildi.


düýn 23:14
3.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....