«Liwerpul» ýeňlişsiz tapgyry boýunça 1982-nji ýyldaky rekordyny gaýtalady

  • 06.11.2021 17:18
  • 6.6k+

“Liwerpul” ýeňilmezlik seriýasy boýunça klubuň rekordyny täzeledi" diýip, "Gracenote Live" Twitterde ýazýar. Bu barada championat.com habar berýär.

Çeşmä görä, "Liwerpulyň" ýeňilmezlik tapgyry ähli ýaryşlarda 25 oýun (17 ýeňiş we 8 deňlik) bolup, bu - klubuň 1982-nji ýyldaky rekordy bilen deňdir. Şonda topar 20 ýeňiş gazanypdy we 5 gezek deňme-deň oýnapdy.

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň dördünji aýlawynyň oýnunda “Liwerpul” “Atletikony” 2:0 hasabynda ýeňdi. Häzir ol 12 utuk toplap, “B” toparçadaky 1-nji ýerden Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna möhletinden öň çykmagy başardy. “Atletiko” 4 utuk bilen 3-nji ýerde barýar. Toparlaryň "B" toparçadaky garşydaşlary "Portu" (5) we "Milan" (1) bolup durýar.

“Liwerpul” 22 utuk bilen Angliýanyň Premýer-ligasynda ikinji orunda - öňdebaryjy “Çelsiden” 3 utuk yzda barýar.


şu gün 09:54
756

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
13k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......