Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

  • 06.11.2021 09:04
  • 12k+

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 2011-nji ýylyň iýul aýyndakysyndan gymmatlap, iň ýokary rekord derejä ýetdi. Sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, ösüş 3% boldy, azyk önümleriniň baha indeksiniň ösüşi bassyr üçünji aý dowam edýär diýip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy habar berýär (FAO). Muny vedomosti.ru ýetirýär.

Oktýabr aýynda däneli ekinleriň bahasynyň indeks derejesi 3,2% ýokarlandy. Ösümlik ýaglarynyň baha indeksiniň ösüşiniň 9,6% bolmagy palma, soýa, günebakar we raps ýaglarynyň bahalarynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr diýip, FAO belleýär. Palma ýagynyň bahasy Malaýziýada önümçiligiň pesligi sebäpli bassyr dördünji aý ýokarlanýar. Ol ýerde migrant işçileri-de ýetmezçilik edýär.

FAO süýdüň bahasynyň ýokarlanmagyny mesgä, gury ýagsyzlandyrylan we gury gaýmagy alynmadyk süýde global islegiň güýçlenmegi we alyjylaryň ätiýaçlyklary artdyrmak islegi bilen düşündirýär. 

Şol bir wagtyň özünde, Hytaý tarapyndan doňuz etiniň satyn alynmagynyň azalmagy sebäpli, etiň bahasy bassyr üçünji aý pese düşýär, indeks 0,7% ýitirdi.

Şekeriň bahasy ýarym ýylyň içinde ilkinji gezek peselip başlady, bu dünýä bazarlarynda çäklendirilen import islegi, Hindistan we Tailand tarapyndan eksport göwrüminiň ýokarlanmagy, şeýle-de Braziliýanyň realynyň ABŞ-nyň dollaryna gatnaşykda walýuta hümmetiniň peselmegi bilen baglanyşyklydyr diýlip, habarda aýdylýar. 


şu gün 14:40
327

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......