Gyrgyzystan türkmen elektrik energiýasyna we tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

  • 06.11.2021 08:44
  • 3.9k+

5-nji noýabrda Bişkek şäherine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow bilen duşuşdy. Duşuşyk «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» birinji Ykdysady forumynyň çäklerinde guraldy.

Premýer-ministr Akylbek Žaparow Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky möhüm ykdysad hyzmatdaşydygyny belläp, Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny ugratmagyň zerurlygyny nygtady. Ol gepleşikleriň dowamynda gyrgyz tarapynyň türkmenistanly maýadarlar üçin hemişe açykdygyny we özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gaznasyny döretmek, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapynyň wekili, öz gezeginde, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýunynda Türkmenistana saparynyň özara hyzmatdaşlyga täze itergi berendigini nygtap, iki ýurduň haryt dolanyşygynyň depginini has-da artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


08.06.2026 19:01
4.1k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...