Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylara käýinç we berk käýinç yglan etdi

  • 06.11.2021 08:34
  • 24k+

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndaky işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç we käýinç yglan edildi.

Degişli Buýruklara laýyklykda:

  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin maliýe we ykdysadyýet ministri Serdarow Muhammetgeldi Nurgeldiýewiçe käýinç;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin  “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe käýinç;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Annamämmedow Baýmyrat Ilmyradowiçe käýinç;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin baş prokuror Atdaýew Batyr Taganowiçe ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky  gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

düýn 13:51
2k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
8.6k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

düýn 13:44
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
6.8k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......