Taryhda ilkinji gezek kosmosda çili burçy ösdürilip ýetişdirildi

  • 06.11.2021 17:30
  • 7.3k+

NASA-nyň kosmonawtlary taryhda ilkinji gezek Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) çili burçuny ösdürip ýetişdirdiler. Muny amerikaly Ketrin MakArtur özüniň Twitter hasabynda mälim etdi diýip, lenta.ru habar berdi.

"Hasyly ýygnansoň, gyzyl we ýaşyl çili burçlaryny dadyp gördük" diýip, Ketrin MakArtur belleýär.

Ajy burç tohumy ösümlikleri mikrograwitasiýa şertlerinde ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilen synagyň çäklerinde tomusda ekildi. Barlagçylar kosmosda haýsy iýmitleri ösdürip ýetişdirip boljakdygyny anyklamak islediler.

2009-njy ýylyň sentýabr aýynda “Discovery” gämisiniň kosmonawtlary kosmos burritosynyň taýýarlanylyş pursatyny wideo ýazgy edipdiler. Mikrograwitasiýa şertlerinde bu iş köp wagt alýar we ýokary tehniki başarnyklary talap edýär.


19.03.2026 11:12
8.1k+

Ogayo ştatynyň asmanynda 250 tonna trotil güýjündäki meteorit ýaryldy

Amerikanyň Ogayo ştatynyň asmanynda äpet meteorit ýaryldy. Ýarylyşyň güýji takmynan 250 tonna trotil ekwiwalentine deň boldy. Bu barada NBC News teleýaýlymy ABŞ-nyň Aeronaawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanyp habar berýär...

11.03.2026 10:04
3.5k+

Adamzat taryhynda ilkinji gezek asman jisiminiň Gün daşyndaky orbitasy üýtgedildi

Halkara astronomlar topary NASA-nyň DART kosmos zondunyň Dimorf asteroidi bilen çaknyşmagynyň Didim we Dimorf goşa asteroidler ulgamynyň Gün daşyndaky hereket traýektoriýasyny üýtgedendigini tassyklady. Illinoýs ştatynyň uniwersitetinden Rahil Makadiýanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli bolan döwürde 22 sany okkultasiýa wakasyny seljerdiler...

08.03.2026 09:13
3.7k+

NASA «Artemis II» missiýasynyň çäklerinde Aýa uçjak astronawtlaryň menýusyny açyp görkezdi  

2026-njy ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilen Artemis II missiýasynyň astronawtlary Aýyň töweregine uçuş wagtynda adaty Ýerdäki iýmitlere ýakyn bolan tagamlar bilen iýmitlener. Ekipaž üçin niýetlenen önümleriň sanawyny NASA hödürledi...

07.02.2026 14:13
2.1k+

NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi

NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi...