В Туркменистане определен порядок экстракорпорального и искусственного оплодотворения

  • 05.11.2021 08:23
  • 11k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri kömekçi önelge tehnologiýalarynyň (KÖT) ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibini tassyklady. Degişli hukuk resminamasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama laýyklykda, kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga ýokary lukmançylyk bilimi bolan we bellenilen tertipde ýörite taýýarlygy geçen we saglygy goraýyş edaralarynda işleýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama alan adamlaryň hukugy bardyr.

KÖT-leri ulanmaga ikisiniň hem ýazmaça razylygy bolan mahalynda är-aýalyň, şeýle hem ýüz tutan pursatynda nikada durmaýan aýalyň hukuklary bardyr.

KÖT-lery ulanmagyň görkezijilerini anyklamak we önelgesizligiň sebäbini kesgitlemek üçin başlangyç 5 sany barlag geçirilýär. Önelgesizligiň sebäbini anyklamagyň möhleti 6 aýdan geçmeýär.

Önelgesizligiň sebäbi anyklanylandan hem-de konserwatiw we hirurgiki bejergi geçirilenden soň 9-12 aýyň dowamynda göwrelilik gazanylmasa, onda näsaglar KÖT maksatnamasyna ugradylýar.

KÖT meýilnamasyny taýýarlamakda, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek basgançagynda KÖT-lerini ulanmaga otnositel we absolýut garşylyklaryny anyklamak üçin erkekde we aýalda degişli barlaglar geçirilýär.

Kömekçi önelge tehnologiýalary diýlip önelgesizligi bejermegiň usullaryna düşünilýär, olar ulanylan mahalynda, göwrede çaga galmagyň aýry-aýry ýa-da ähli tapgyrlary hem-de düwünçegiň irki ösüşi, şol sanda donorlara degişli ýa-da aýratyn şertlerde saklanylan (kriokonserwirlenen) jyns öýjükleriniň, bedeniň önelge agzalarynyň dokumalarynyň we düwünçegiň peýdalanylmagy bilen, enäniň (surrogat ene) bedeninden daşarda amala aşyrylýar.


15.06.2026 12:32
5.5k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.5k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.8k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....