«Barselona» tälimçi Hawi bilen üç ýyllyk şertnama baglaşar

  • 04.11.2021 18:37
  • 7.9k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby Kataryň “Al-Sadd” toparynyň baş tälimçisi Hawi bilen 2023/24-möwsüminiň ahyryna çenli möhlet bilen şertnama baglaşmakçy bolýar. Bu barada sport.es portaly habar berdi.

28-nji oktýabrda niderlandly hünärmen Ronald Kuman “Barselonanyň” baş tälimçi wezipesinden gitdi, şol gün Kataryň beIN Sports teleýaýlymynyň žurnalisti Tankredi Palmeri Kataloniýa toparynyň ýolbaşçylygynyň Hawi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny we onda geljekki şertnama barada maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Portalyň maglumatlary boýunça, ýakyn wagtda Dohada ispaniýaly hünärmen bilen şertnama gol çekiler. Täze toparda Hawiniň aýlyk hakynyň Kataryň klubundakydan az boljakdygy habar berilýär. Hawiniň “Al-Sadd” bilen häzirki şertnamasy 2023-nji ýyla çenli niýetlenendir. 

Hawi 41 ýaşynda, ol 2019-njy ýyldan bäri “Al-Saddyň” tälimçisi. Geçen möwsümde onuň ýolbaşçylygynda topar bir oýunda-da utulman, Kataryň çempiony we ýurduň kubogynyň eýesi boldy, şeýle-de klub 2020-nji ýylda Kataryň Kubogyny we Kataryň emiriniň kubogyny (2020) aldy. 

Hawi “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy bolup, esasy toparyň düzüminde 1998-nji ýylda ilkinji gezek çykyş etdi we onda 2015-nji ýyla çenli oýnady. 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli “Al-Sadd” üçin oýnady, 2019-njy ýylyň maýynda bolsa oýun karýerasyny tamamlady. 


düýn 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......