Efiriň bahasy rekord dereje gymmatlady - $4500

  • 02.11.2021 23:40
  • 7.7k+

Bitkoindan soň kapitallaşdyrmasy boýunça ikinji orunda durýan kriptowalýuta bolan efiriň (Ether) bahasy rekordy täzeläp, 4500 dollardan geçdi diýip, interfax.ru habar berýär.

CoinDesk-iň maglumatlaryna görä, sişenbe güni aşgabat wagty bilen 21:30-da bir günde 4,4% gymmatlap, 4500,71 dollara ýetdi. Ondan öň, söwdanyň barşynda onuň bahasy 4521,19 dollara ýetipdi.
Kriptopuluň bahasynyň ýokarlanmagy gysgamöhletleýin maýadarlaryň gelmegi bilen şertlenendir. Efire 30 günden az möhletde eýelik edýän treýderleriň sany ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine ýetdi diýip, MarketWatch habar berýär.
Soňky üç aýda bu kriptopul 81% gymmatlady, ýylyň başyndan bäri 6 esseden gowrak gymmatlady.
Şol bir wagtda, bitkoiniň bahasy bu döwürde, degişlilikde, 67% we 2,1 esse ýokarlandy. Sişenbe güni söwdanyň barşynda bitkoin 5,1% gymmatlap  63,731 dollara ýetdi.


düýn 17:17
3.7k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....