Facebook 6 ýaşdan uly çagalary özüne çekmek üçin mazmun işläp düzmegi meýilleşdirdi

  • 31.10.2021 23:37
  • 2.7k+

Penşenbe güni Meta diýlip atlandyrylan Facebook kompaniýasy şu ýylyň ýazynda önümlerini alty ýaşdan uly çagalary özüne çeker ýaly derejede kämilleşdirmegi meýilleşdiripdi. Bu barada NBC teleýaýlymy habar berdi diýip, Day.Az belleýär.

Teleýaýlymyň belleýşi ýaly, adatça kompaniýanyň önümleri 13 ýaşdan uly ýaş toparlaryna gönükdirilýär. Ýöne kompaniýanyň programmalarynyň ýaşlaryň arasynda meşhurlygynyň ýitmegi onuň menejmentini köp ýyllaryň dowamynda Facebook önümlerini ulanmagy dowam etdirmekleri üçin ulanyjylary ýaşlykdan özüňe çekmelidigi barada pikirlenmäge mejbur etdi. Netijede, şu ýylyň aprel aýynda taýýarlanylan içerki ýazgy alty-dokuz we on-on iki ýaşa çenli ýaş toparlary üçin mazmun döretmek we ösdürmek bilen meşgullanjak hünärmenleri işe almagy teklip etdi. 

Telekompaniýa häzirki wagtda bu meýilnamalaryň näderejede durmuşa geçirilendigini anyklamagyň mümkin däldigini belleýär. Facebook-yň boş orunlar baradaky bildirişleriniň arasynda häzirki wagtda degişli wezipeler ýok.

Ýatlap geçsek, penşenbe güni Facebook-yň esaslandyryjysy Mark Sukerberg kompaniýanyň adynyň üýtgedilýändigini, indi onuň “Meta” diýlip atlandyrylýandygyny habar berdi. Çünki, kompaniýa indi diňe bir programmalaryň däl, eýsem üsti ýetirilen hakykat gurluşlarynyň tutuş toplumyny birleşdirjek hususy “metaäleminiň” ösüşine bil baglaýar. Sukerbergiň pikiriçe, bu esasy aýratynlygy “barlyk duýgusy” boljak internetiň ösüşinde täze tapgyry aňladar.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

05.05.2026 15:24
997

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....