«Barselona» wagtlaýyn baş tälimçiniň bellenendigini habar berdi

  • 29.10.2021 15:46
  • 6.9k+

Katalon klubunyň resmi web sahypasyna görä, Serhi Barhuan "Barselonanyň" wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada championat.com habar berdi.

"Barselonanyň" prezidenti Žoan Laporta topara täze tälimçi Barhuany tanyşdyrdy.  Klubuň metbugat gullugy onuň baş tälimçi wezipesine wagtlaýyn bellenýändigini nygtaýar.

Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, klub wagtlaýyn tälimçini doly hukukly tälimçi boljak Hawi "Al-Sadd" bilen şertnamasyny ýatyrýança wagt utmak üçin belledi.

"Barselonanyň" öňki baş tälimçisi Ronald Kuman Ispaniýanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda "Raýo Walýekanodan" (0:1) ýeňilenden soň wezipesinden boşadyldy. Ol topara 2020-nji ýylyň awgust aýynda gelipdi. 2020/2021 möwsüminde "Barselona" onuň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň kubogyny aldy we milli çempionatda 3-nji ýeri eýeledi.


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......