Kuman «Barselonanyň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

  • 28.10.2021 14:08
  • 8.5k+

Niderlandly tälimçi Ronald Kuman «Barselona» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu karar katalon klubunyň çarşenbe güni Ispaniýanyň çempionatynda «Raýo Walýekanodan» ýeňilenden soň (0:1) kabul edildi. Penşenbe güni Kuman futbolçylar we klubuň işgärleri bilen hoşlaşar.

Ýatlatsak, Kuman «Barselona» 2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda tälimçi bellenildi. La Liganyň şu möwsüminde katalonlylar on oýundan soň jedwelde 15 utuk bilen 9-njy orny eýeleýär. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň üç duşuşygyndan soň «Barselona» üçünji orny eýeleýär. Klub «Benfikadan» (0:3) we «Bawariýadan» (0:3) utuldy, «Dinamo Kiýewi» (1:0) utdy.


18.06.2026 10:36
4.7k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6.1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

12.06.2026 18:20
5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

10.06.2026 19:10
7.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......