Apple iOS 14-iň täzelenmesini çykardy

  • 29.10.2021 15:51
  • 4.6k+

Amerikanyň Apple kompaniýasy operasion ulgamynyň (OS) täzelenmesini çykardy. Bu barada kompaniýanyň web sahypasyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Operasion ulgamynyň täzelenmesi Monterey diýlip atlandyrylýar. Täzelenmede Safari brauzeriniň dizaýny täzelendi: indi goýma paneli (wkladka) sahypanyň reňki bilen boýalýar, goýma paneliniň özi bolsa gözleg paneli we gurallar paneli bilen birleşdirilýär. Mundan başga-da, ulanyjylar indi goýma panelini toparlap, Mac, iPhone we iPad-yň arasynda sinhronlap bilerler.

Mundan başga-da, gündelik işleri awtomatlaşdyrmak üçin Mac-da çalt buýruklar bar. Täze "Ählumumy dolandyryş" aýratynlygy derrew iPad bilen baglanyşyk gurýar. AirPlay funksiýasy bolsa iPhone-dan ýa-da iPad-dan Mac-a filmleri ýa-da oýunlary alyp görkezýär.

Facetime-yň täzelenmesi indi seriallara ýa-da filmlere tomaşa etmäge, aýdym diňlemäge ýa-da SharePlay funksiýasynyň kömegi bilen öz ekranyňy görkezmäge mümkinçilik berer.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...