Facebook kompaniýasy adyny üýtgedýär, indi ol «Meta» bolar

  • 29.10.2021 15:01
  • 4.8k+

Facebook amerikan kompaniýasy adyny «Meta» diýip üýtgedýär. Bu barada onuň esaslandyryjysy Mark Sukerberg onlaýn tanyşdyrylyş çäresinde aýtdy diýip, TASS habar berýär.

«Indi biz Meta diýlip atlandyrylýarys» diýmek bilen, ol rebrendinge garamazdan, «kompaniýanyň wezipesiniň öňküligine galýandygyny – adamlary birleşdirmekdigini» sözüniň üstüne goşdy. Kompaniýanyň täze logotipi gök reňkde şekillendirilen tükeniksizlik belgisi bolar.

Sukerbergiň aýtmagyna görä, häzirlikçe ähli programmalar we brendler, adybir sosial ulgamdan başga-da, Instagram foto hyzmaty we WhatsApp messenjeri öňküligine galar, ýöne “wagtyň geçmegi bilen ulanyjylara beýleki önümleri ulanmak üçin, Facebook gerek bolmaz (sosial ulgam hökmünde – TASS)”. 

Facebook-yň esaslandyryjysy korporasiýanyň täze adynyň grek sözünden gelip çykyp, “soň” manyny berýändigini we kompaniýanyň hemişe ösmek üçin giňişliginiň bardygyna güwä geçýändigini düşündirdi. Öň, tanyşdyrylyş çäresiniň çäginde ol wirtual we üsti ýetirilen hakykat elementlerini öz içine aljak “metaälem” diýlip atlandyrylýan konsepsiýa barada gürrüň berdi. Ol mysal hökmünde ulanyjynyň bir wagtyň özünde hem janly, hem wirtual giňişlikde bolýan konserte nähili gatnaşyp biljekdigini görkezdi. 

Kompaniýanyň saýtynda onuň indi “Meta” diýlip atlandyrylýandygy, metbugat relizinde bolsa ähli serwisleriň belgisiniň täze logotipe öwrülýändigi barada bildiriş ýerleşdirildi. Adynyň üýtgedilmegi esasynda Facebook-yň paýnamalary Nýu-Ýorkuň elektron fond biržasynda birnäçe minutda açylyş derejesi üçin ($10,32) 3,31% ýokarlandy. 

Kompaniýanyň pikiriçe, täze at diňe bir programmalaryň däl, eýsem üsti ýetirilen hakykat gurluşlarynyň tutuş toplumyny birleşdirjek, saýlanyp alnan “metaälem” konsepsiýasynyň dowamy bolar. Bu pikirleriň hemmesini durmuşa geçirmek üçin täze guramanyň işi iki topara bölner: birinjisi eýýäm işleýän serwisler bilen meşgullanar, ikinjisi täze platformalary we tehnologiýalary işläp düzmek üçin meýdança bolar.


24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

17.01.2026 15:15
2.6k+

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar...

10.07.2025 23:31
2k+

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...

03.07.2025 14:58
2.5k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder...