Ýaponiýa daşary ýurtly talyplaryň möhüm tehnologiýalara elýeterliligini çäklendirer

  • 28.10.2021 23:47
  • 5.9k+

Ýaponiýanyň hökümeti ýurduň çäginde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň goranyş ähmiýetine eýe ýa-da milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly bolup biljek tehnologiýalara elýeterliligini çäklendirmekçi bolýar. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Ýagny, Ýaponiýanyň uniwersitetleriniň daşary ýurtly talyplara ýurt üçin möhüm bolan ol ýa-da beýleki tehnologiýalar bilen baglanyşykly bilim programmalaryna rugsat bermezden ozal Senagat ministrliginden rugsat almaly boljakdygy bellenilýär. Şeýle-de, düzgünleriň berkidilmeginiň beýleki ýurtlaryň göni ýa-da gytaklaýyn döwlet täsiriniň astynda bolup biljek daşary ýurtly talyplara, hususan-da talybyň girdejisiniň 25%-den gowragy daşary ýurt hökümetinden gelýän bolsa, degişli boljakdygy nygtalýar. 

2017-nji ýylda Tokionyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň hytaýly talyby Gonkongyň üsti bilen Hytaýa uçarlar üçin infragyzyl kamerany bikanun getirmek bilen hereket edýän kanunlary bozdy. Ýaponiýanyň iň täze tehnologiýalary döretmegiň üstünde işleýän uniwersitetleriniň köpüsi daşary ýurtly talyplary erkin kabul edýärler we okuwa kabul etmezden ozal olary ýüzleý barlaýarlar. Gazetiň maglumatlary boýunça, bu ýapon häkimiýetlerini alada goýýar. Kanunlara üýtgeşmeleriň şu ýylyň ahyryna çenli girizilmegine garaşylýar. 


04.05.2026 12:04
4k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

01.05.2026 16:09
2k+

GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi....

16.04.2026 14:14
4.4k+

Gün energiýasy bilen işleýän dirižabl stratosferada 12 günlük uçuşyny tamamlady

Sceye kompaniýasynyň SE2 stratosfera dirižably 12 günde 10 300 kilometr ýol geçip, tehnologiýanyň uzak möhletli gözegçilik we telekommunikasiý üçin taýýardygyny subut etdi....

09.04.2026 09:31
4.1k+

Ýapon fizikleri hiç haçan solmaýan suratlary çap etmegi öwrendiler

Ýaponiýaly alymlaryň topary kremniý nanosferaly ýörite boýaglary ulanyp, gurluşly reňkler bilen çap etmek usulyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Advanced Materials žurnalynda beýan edildi....