Facebook-yň girdejisi ýyllyk hasabynda üçden birine ýokarlandy

  • 27.10.2021 23:27
  • 1.9k+

Facebook kompaniýasynyň girdejisi şu ýylyň üçünji çärýeginde 2020-nji ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende, 35% ýokarlandy. Muny kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen çärýek hasabaty delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

30-njy sentýabrda tamamlanan üç aýlyk döwürde Facebook-yň girdejisi 29 mlrd dollar boldy. 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginiň ahyrynda kompaniýa 21,4 mlrd dollar girdeji barada hasabat beripdi. Facebook-yň geçen çärýekde arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17% ýokarlanyp, 9,19 mlrd dollar boldy. 

Adybir sosial ulgamyň platforma aýda azyndan bir gezek girýän ulanyjylarynyň sany dünýäde 2,91 mlrd adama ýetdi. Hasabat döwründe, 1,93 mlrd adam Facebook-y günde, iň bolmanda, bir gezek ulandy. Bu görkezijileriň ikisi-de 2020-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, 6% ýokarlandy.

Neşir edilen maglumatlara görä, dünýäde 3,58 mlrd adam kompaniýanyň haýsydyr bir hyzmatyndan aýda azyndan bir gezek peýdalanýar. Bu sanawa Facebook-dan başga-da, Instagram sosial ulgamy, şeýle-de hatlary alyş-çalyş etmek üçin Messenger we WhatsApp programmalary hem girýär. Kompaniýanyň maglumatlary boýunça, hasabat döwründe günde azyndan bir gezek ulanýan adamlaryň sany 2,81 milliarda barabar boldy.


19.06.2025 09:53
8.4k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

23.01.2025 15:43
6k+

Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda ýene birinji orny eýeledi

Apple ýylyň jemi boýunça ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Bu barada Brand Finance Global 500 gözleginde habar berilýär. Apple brendiniň bahasy bir ýylda 11% - 574,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Reýtingde...

01.08.2024 17:32
2.6k+

Meta kompaniýasy Ýewropa Komissiýasyna 13,4 milliard dollar möçberinde jerime tölemeli bolup biler

Ýewropa Komissiýasy (ÝK) monopoliýa garşy kanunlary bozandygy üçin Meta kompaniýasyna jerime salmaga taýynlanýar. Jerimäniň möçberi 13,4 milliard dollara ýetip biler, bu möçber Metanyň 2023-nji ýyldaky global girdejisiniň...

04.02.2024 23:54
3.8k+

Meta 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy

Facebook we Instagram sosial ulgamlaryna eýe bolan Meta korporasiýasy 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy. Hünärmenler şeýle täsirli ösüşi diwidend tölegleriniň...