Tesla we Toyota dünýädäki iň gymmat awtomobil brendleri boldy

  • 26.10.2021 23:59
  • 10k+

Amerikan konsalting kompaniýasy Interbrand iň gymmat kompaniýalaryň ýyllyk sanawyny neşir etdi. Awtomobil brendleriniň arasynda sanawyň birinji ornuny Toyota eýeledi, umumy sanawda ol ýedinji orunda ýerleşdi: onuň bahasy 54,1 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar, bu geçen ýyldakydan bäş göterim köpdür. Ikinji orunda 50,8 mlrd dollar baha bilen Mercedes-Benz (üç göterim ösüş) ýerleşdi, üçlügi BMW (41,6 mlrd dollar, bäş göterim ösüş) jemleýär. Geçen ýyldan bäri liderleriň üçlügi üýtgemedi diýip, motor.ru habar berýär.

Ýöne 5-likde üýtgeşmeler boldy: eger geçen ýyl dördünji we bäşinji orunlarda Honda bilen Hyundai bolan bolsa, 2021-nji ýylda dördünji orna Tesla geçdi: Ilon Maskyň kompaniýasy tas 36,3 mlrd dollar (+184 göterim) bilen bahalandyrylýar. Şu ýyl bäşinji orny bahasy 21,3 mlrd dollar bolan Honda eýeledi (bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki göterim peseldi).

Altynjydan onunja çenli orunlarda Hyundai, Audi, Volkswagen, Ford we Porsche ýerleşdi. Günorta Koreýanyň kompaniýasy 15,16 mlrd dollar baha bilen (alty göterim ösüş) iki orun yza süýşdi, Audi bir setir ýokary galdy (tas 13,8 mlrd dollar, sekiz göterim ösüş).

Volkswagen 2020-nji ýylda dokuzynjy orny eýeläpdi, 2021-nji ýylda bolsa dokuz göterim, 13,4 mlrd dollara çenli gymmatlap sekizinji orna çykdy. Ford-yň bahasy 12,8 mlrd dollar (iki göterim ösüş), Porsche-niň bahasy 11,7 mlrd dollar (dört göterim ösüş) boldy. 

Sanawy Nissan, Ferrari, Kia, MINI we Land Rover jemleýär, bularyň ilkinji üçüsi TOP-15-de ornuny saklady, soňky ikisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, orunlaryny çalyşdylar.


düýn 01:38
5.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......