HBS: Dewid Bekham DÇ-2022-niň ýüzi bolup, ýylda 18 mln ýewro gazanar

  • 26.10.2021 17:30
  • 7.2k+

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekham 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň ýüzi bolar. Bu barada ýekşenbe güni championat.com habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, bu hyzmatdaşlyk hakynda geljek aý yglan ediler. Bekham ýylda 15 million funt sterling (18 million ýewro) girdeji getirjek şertnama razy boldy. Taraplaryň arasyndaky şertnama 10 ýyl üçin göz öňünde tutuldy we şol döwür içinde Bekham Kataryň ilçisi bolar. Şertnama gol çekmezden ozal Bekham janköýerleriň Katarda howpsuz boljakdygy babatda arkaýyn edildi.

“Dewid Kataryň öňegidişlige ygrarlydygyna we Dünýä çempionatynyň ýurda möhüm oňyn özgerişlikleri getirip biljekdigine ynanýar. Ol futbolyň düşünişmezlikleri ýeňip geçmekdäki güýjüne berk ynanýar" diýip, The Sun Bekhamyň sözlerini getirýär.

Katardaky Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda geçiriler.


şu gün 10:53
623

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......