«Liwerpul» «ManÝunaýtedi» 5:0 ýeňip, 1925-nji ýylyň netijesini gaýtalady

  • 25.10.2021 13:20
  • 11k+

«Liwerpul» Angliýanyň Premýer ligasynyň 9-njy tapgyrynda myhmançylykda «Mançester Ýunaýtedi» uly hasap bilen ýeňmegi başardy. «Old Traffordda» geçirilen duşuşyk mersisaýdlylaryň peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy.

«Liwerpulyň» düzüminde Nabi Keýta, Diogu Žota we Mohammed Salah (het-trik) tapawutlandy. Müsürli futbolçy «Old Traffordda» «ManÝunaýtediň» derwezesine üç pökgi girizmegi başaran APL-nyň ilkinji futbolçysy boldy.
Mundan başga-da, Salah Didýe Drogbadan öňe geçip, Angliýanyň çempionatlarynyň taryhynda iň netijeli afrikaly oýunçy bolmagy başardy. Onuň hasabynda 106 gol bar.
61-nji minutda, oýna gireninden 12 minut soň ýer eýeleriniň ýarymgoragçysy Pol Pogba gyzyl duýduryş aldy.
Bu ýeňliş «Liwerpul» bilen duşuşyklaryň taryhynda «Mançester Ýunaýted» üçin iň uly şowsuz netijedir. Bu netije 1925-nji ýylda hem bolupdy.
Bu ýeňişden soň Ýurgen Kloppuň şägirtleri 21 utuk toplap, Angliýanyň çempionatynyň jedwelinde 2-nji orna geçdiler. Birinji orny eýeleýän «Çelside» 1 utuk köp.
«Mançester Ýunaýted» 14 utuk bilen 7-nji orunda ýerleşýär. 
Indiki tapgyrda «MÝ» myhmançylykda «Tottenhem», «Liwerpul» bolsa öz meýdançasynda «Braýton» bilen duşuşar. Iki duşuşyk hem 30-njy oktýabrda geçiriler.


düýn 18:20
3.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.5k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......