Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi

  • 24.10.2021 15:24
  • 1.9k+

Ýakynda Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi. Bu barada www.proficinema.ru habar berdi.

Rebekka Hollyň "Meňzeşlik" we Meggi Jillenholyň "Ýitirilen gyz" filmleri dalaşgärlik eden ugurlarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldular. Bu filmleriň režissýorlary režissýorlyk ugrundaky üstünligi üçin Bingem Reý baýragyna hem dalaş edýärler. Baýraklara girizilen esasy üýtgeşmeleriň biri - 2021-nji ýylda iň oňat aktýor hökmündäki baýrak jyns taýdan bitarap bolar.

Esasy kategoriýada - iň oňat film diýen at ugrunda “Meňzeşlik”, “Ýitirilen gyz”, “Ýaşyl rysar hakda rowaýat”, “Test” we “Doňuz” filmleri dalaşgär görkezilýär. Baýragyň esasy aktýorlyk kategoriýasynda Oliwiýa Kolmanyň, Oskar Aýzekiň, Hoakin Feniksiň, Teýlor Peýjiň, Tessa Tompsonyň we beýlekileriň işleri dalaşgärlik edýär. Bu baýrak zenan we erkek diýlip bölünmän, «Iň gowy baş rol» diýlip atlandyryldy.

Dowamlylygy kyrk minutdan geçýän iň oňat serial ugry boýunça "Merhemetli Hudaýyň guşy", "Bu - günä", "Özgeriş sesi", "Ýerasty demir ýol", "Ak lotos", şeýle hem Netflix taslamasynyň iň üstünlikli serialy bolan Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” serialy bäsleşer.

Gotham Awards baýraklary 1991-nji ýyldan bäri her ýyl Nýu-Ýork şäherinde gowşurylýar. Onda ýeňijiler kino žurnalistleri, kino tankytçylary, festiwallaryň programma režissýorlary we beýleki kino hünärmenleri tarapyndan saýlanýar.

Baýraklaryň nobatdaky gowşurylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçiriler.

11.06.2026 13:03
6.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....