HPG ykdysady taýdan dikelişi has haýal bolan ýurtlary belli etdi

  • 24.10.2021 15:18
  • 5.4k+

Halkara pul gaznasy (HPG) Saharadan günortada ýerleşýän Afrika ýurtlarynyň koronawirus pandemiýasynyň netijelerinden ykdysady dikelişini sebitde sanjym ýetmezçiligi sebäpli dünýäde has haýal dikeliş diýip atlandyrdy. Bu barada Reýter agentligi habar berýär diýip, lenta.ru belleýär. 

HPG 2021-nji ýylda Saharadan günortadaky ýurtlaryň JIÖ-niň ösüşiniň 3,7 göterim, 2022-nji ýylda 3,8 göterim bolmagyna garaşýar. Gazna sanjymlara elýeterliligiň ýoklugy sebäpli, sebitdäki ýurtlaryň ösen ykdysadyýetli ýurtlardan ençeme ýyl yza galjakdygyny belleýär. Mundan başga-da, olaryň geljekki ösüş mümkinçilikleri pandemiýanyň we sanjymyň gidişine baglydyr. “Daşary maliýe we tehniki kömek bolmasa, Saharanyň günortasyndaky Afrika we beýleki ýurtlaryň dikeliş ýollary hemişelik bölünişige öwrülip, onýyllyklaryň dowamynda kynlyk bilen gazanylan ösüşi howp astyna goýup biler” – diýip, gaznanyň wekilleri belledi.

Yklymyň senagat taýdan has ösen ýurdy bolan GAR-yň ykdysadyýeti 2021-nji ýylda bäş göterim ýokarlanar, ýöne 2022-nji ýylda ösüş depgini 2,2 göterime çenli peseler. Nebitiň ýokary bahasy 2021-nji ýylda Nigeriýanyň JIÖ-niň 2,6 göterim ösmegine ýardam eder. Angolanyň ykdysadyýeti 2021-nji ýylda 0,7% pese gaçar, ýöne çökgünlik 2022-nji ýylda tamamlanar we şonda JIÖ-iň ösüşi 2,4 göterim bolar. 

Saharanyň günortasyndaky ýurtlarda azyk inflýasiýasy 2019-njy ýyldan bäri ýokarlanýar. Awgust aýynda ol sebitiň 25 ýurdunda 10,9 göterim boldy. Gaznanyň maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň gymmatlamagy, aýratynam, koronawirus pandemiýasy sebäpli aşa garyplykda galan 30 million adam üçin ýiti mesele bolup galar.


24.05.2026 10:33
2.5k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

27.04.2026 12:26
4.5k+

Seljermeler 2030-njy ýyla çenli Irlandiýanyň Ýewropanyň iň baý ýurdy boljakdygyna güwä geçýär

Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi......

13.01.2026 12:26
3.8k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...

16.11.2025 14:19
5.6k+

Adambaşyna iň ýokary girdeji boýunça ýurtlaryň arasynda Lihtenşteýn birinji boldy

Adam başyna iň ýokary girdejisi bolan on ýurduň ýedisi Ýewropada ýerleşýär. Bu maglumat Halkara pul gaznasynyň (HPG) 2025-nji ýylyň oktýabrdaky ýagdaýyna görä täzelenen reýtinginde görkezilýär. Sanawda absolýut lider Lihtenşteýn boldy...