UEFA Ýewro-2020 finalyndaky bidüzgünçilikler üçin AFA-ny jezalandyrdy

  • 21.10.2021 09:30
  • 10k+

UEFA Ýewro-2020-niň Londondaky Wembli stadionynda geçirilen finalynda ýüze çykan bidüzgünçilikler zerarly Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyny jezalandyrdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Düzgün-nyzam temmisiniň netijesinde Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyny öz meýdançasyndaky bir oýny tomaşaçysyz oýnamaga borçly etmek kararyna gelindi. Eger-de iňlisler ýakyn iki ýylda düzgünleri ýene-de bozsalar, onda olar ýene bir oýny tomaşaçysyz geçirmeli bolarlar.
Mundan başga-da, Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyna stadionda we onuň töwereginde tertip-düzgüniň ýoklugy üçin 100 müň ýewro jerime salyndy.
Ýatlap geçsek, Ýewro-2020-niň final oýny 11-nji iýulda geçirildi. Onda Italiýanyň milli ýygyndysy jerime urgusynda Angliýadan üstün çykdy (1:1, penaltiler seriýasynda - 3:2).


şu gün 19:10
2.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....