Raýan Reýnolds döredijilik arakesmesini yglan etdi

  • 21.10.2021 09:27
  • 2.9k+

"Dedpul" we "Baş gahryman" filmleriniň ýyldyzy Raýan Reýnolds öz Instagram sahypasynda kinoda "kiçeňräk" döredijilik arakesmesine gitjekdigini mälim etdi. Bu barada film.ru habar berdi.

Reýnolds iýul aýyndan bäri Will Ferrell we Oktawia Spenser bilen bilelikde Apple TV+ üçin “Gaýratly” (“Spirited”) filminiň üstünde işleýär. Çarlz Dikensiň “Roždestwo hekaýaty” romanyna esaslanýan bu filmiň surata düşüriliş işleri şenbe güni tamamlandy.

“Surata düşmek meniň üçin tamamlandy. Mundan üç ýyl ozal bolan bolsa, şeýle çylşyrymly filmi boýun almazdym. Häzir kinodan kiçeňräk arakesmä çykmak üçin ajaýyp pursat"-diýip, Reýnolds öz ýazgysynda belledi.

Baş keşplerde Dueýn Jonson we Gal Gadot çykyş edýän “Gyzyl bildiriş” uruşganly filmi Reýnoldsyň gatnaşmagynda ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar. Şeýle hem häzirki wagtda onuň baş keşbi janlandyrmagynda "Baş gahryman" filminiň dowamynyň üstünde işlenilýär.

15.09.2025 09:52
8.3k+

Armani iki wesýetnama goýup gitdi: onuň imperiýasyny kim miras alar?

4-nji sentýabrda 91 ýaşynda aradan çykan Jorjo Armani iki wesýetnama galdyrdy. Modelýeriň çagasy ýok, diňe üç ýegeni we kiçi uýasy bar. Şol bir wagtyň özünde, Armani Italiýanyň iň baý adamlarynyň biri bolupdy we ýakynda onuň şahsy baýlygy 11,6 mlrd dollar diýlip hasaplandy...

14.09.2025 19:04
3.1k+

Balenciaga ýene parfýumeriýa gaýdyp gelýär we 1947-nji ýylyň hoşboý ysyny dikeltmek isleýär

Balenciaga fransuz modalar öýi ýokary derejeli parfýumeriýa toplumynyň çykandygyny habar berdi. Balenciaga 1947-nji ýylda döreden Le Dix atly ilkinji hoşboý ysyny gaýtadan çykarmagy meýilleşdirýär. Täze çüýşeler ilkinji atyryň taryhy dizaýnyny gaýtalaýar...

11.09.2025 19:49
6.7k+

Modelýer Jorjo Armani barada film düşüriler

“Ferrari” filmini döredijileriň biri bolan italýan prodýuseri Andrea Ýerwolino modelýer Jorjo Armani barada terjimehal filminiň düşüriljekdigini mälim etdi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film XX we XXI asyrlaryň iň abraýly moda dizaýnerleriniň biri diýlip atlandyrylýan Armaniniň şahsy we hünär durmuşyna bagyşlanar...

07.09.2025 15:56
4.1k+

Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy

Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar...