Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi

  • 20.10.2021 18:52
  • 14k+

J.D.Power amerikan analitik kompaniýasy has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawyny düzdi. Hünärmenler gözlegiň çäginde täze ulagy satyn alan ýa-da kärendesine alan we 2021-nji ýylyň fewral aýyndan iýul aýy aralygynda 90 gün süren 111 müňe golaý sürüji bilen pikir soraşma geçirdiler. Reýting belli bir markanyň ýa-da modeliň her 100 awtomobili üçin oturgyçlaryň rahatlygy bilen bagly şikaýatlaryň sanyna esaslanýar. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Şeýlelikde, köpçülikleýin ykjam awtoulaglaryň arasynda birinji orny Hyundai Elantra eýeledi. Awtomobil 5,7 bal gazandy. Onuň yzyndan Honda Civic (7,5 bal) we Volkswagen Golf (7,8 bal) gelýär. Orta ölçegli ýeňil awtoulaglaryň arasynda Honda Clarity (5,3 bal) ýeňiji boldy. Ikinji orunda Dodge Charger (5,5 bal) ýerleşdi. Üçünji orny bolsa Nissan Maxima (5,8 bal) eýeleýär.

Ykjam krossowerleriň kategoriýasynda birinji orny Nissan Rogue eýeledi. Onuň netijesi 4,2 bal boldy. Ikinji orunda Ford Mustang Mach-E (7,0 bal), üçünji orunda Honda CR-V (7,1 bal) gelýär. Orta ölçegli krossowerleriň arasynda birinji orunda Chevrolet Blazer (6,1 bal) ýerleşdi. Ikinji orny Hyundai Palisade (6,4 bal), üçünji orny Nissan Murano (7,1 bal) eýeledi. 

Doly ölçegli pikaplaryň arasynda birinji orun RAM 1500-e (6,3 bal) degişli. Ikinji orunda Ford F-150 (6,4 bal), üçünji orunda GMC Sierra (6,7 bal) ýerleşýär.

Premium ýeňil awtoulaglaryň arasynda iň gowusy Porsche 718 (4,6 bal) boldy. Onuň yzyndan bolsa Lexus RC (4,7 bal) we Genesis G90 (4,9 bal) gelýär. Premium-krossowerler kategoriýasynda birinji orna Lexus UX (4,4 bal) mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Lexus LX (5,8 bal) we BMW X4 (6,1 bal) eýeledi.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......