Hünärmenler howanyň hili boýunça dünýäniň iň hapa şäherlerini belli etdiler

  • 20.10.2021 18:25
  • 17k+

Belgrad howanyň hil görkezijisi boýunça dünýäniň iň hapa şäheri boldy we reýtingiň birinji setirini Lahor hem-de Karaçi (Pakistan) şäherleri bilen paýlaşdy. Bu barada iqair.com portaly habar berdi diýip, TASS belleýär.

Portalyň maglumatlary boýunça, Belgrad, Karaçi we Lahor 154 birlik howanyň hil görkezijisi bilen “gyzyl” zonada ýerleşýär. Şeýle-de, ilkinji onluga ýene iki Balkan şäheri – Zagreb (109) bilen Saraýewo (96) girdi.

Dünýäde kabul edilen ülňülere görä, 151-den 200-e çenli hapalanma görkezijisi islendik adamyň saglygy üçin zyýanly we howply hasaplanýar, şeýle ýagdaýda aýratyn duýgur adamlar has çynlakaý meseleleri başdan geçirip bilýärler.

Hünärmenleriň pikiriçe, Serbiýada ekologiýa meseleleriniň esasy sebäbi klimat we antropogen şertleridir. Gyş möwsüminde sebitde ygalyň mukdary ep-esli azalýar, bu hemişelik gar örtügi bolmadyk ýagdaýynda howanyň ýokary derejede hapalanmagyna sebäp bolýar. Dag relýefi bolsa şäherleriň üstünde zyýanly maddalaryň ýygnanmagyna kömek edýär.

Beýleki bir tarapdan, Serbiýanyň uly şäherlerinde köne ulaglar köp. Mysal üçin, Belgradda awtoulaglaryň ortaça ýaşy 17 ýyl. Ýurduň ýene bir meselesi kömür ýakmak arkaly elektrik togunyň alynmagydyr, Serbiýanyň ýylylyk elektrik merkezlerinde häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän süzgüçler ýok. Mundan başga-da, Serbiýanyň şäherlerinde hususy sektorlaryň köpüsi kömür we odun bilen gyzdyrylýar, bu hem gyşyň gelmegi bilen güýçli tüsselenmä sebäp bolýar.


şu gün 12:21
4.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

12.05.2026 08:11
3.6k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......