Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi

  • 19.10.2021 18:59
  • 16k+

J.D.Power and Associates amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri üç ýaşly awtomobillere eýe bolan 30 000 adamdan pikir soraşmanyň esasynda derňew geçirdiler. Olardan soňky ulanylyş ýylynda ýüze çykan meseleler barada birnäçe soraglara jogap bermek haýyş edildi. Pikir soraşmanyň esasynda hünärmenler her markanyň 100 awtomobiline düşýän kemçilikleriň ortaça sanyny görkezýän reýtingi düzdüler. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Şeýlelikde, üç ýaşly awtomobilleriň arasynda iň ygtybarlysy Lexus modelleri boldy. Pikir soraşmanyň netijesinde, Ýaponiýanyň bu markasynyň her 100 awtomobiline 81 näsazlygyň düşýändigi anyklandy. Ikinji orunda Porsche markasy (100 awtomobile 86 näsazlyk) ýerleşdi. Liderleriň üçlügini 100 awtomobil üçin 97 kemçilik görkezijisi bilen Koreýanyň Kia kompaniýasy jemleýär. Mundan başga-da, Toyota we Buick hem, degişlilikde, 98 we 100 görkeziji bilen ilkinji bäşlige girdi.  

Onluga 100 kemçilik bilen Cadillac, Hyundai (101), Genesis (102), Lincoln (106) we Acura hem (108) girýär. 

Has köp näsazlyk Land-Rover awtomobillerinde ýüze çykaryldy – 100 awtomobil üçin 244 kemçilik. Şeýle-de, Alfa Romeo we Jaguar ýaly kompaniýalar hem, degişlilikde, 196 we 186 görkeziji bilen sanawyň iň aşagynda ýerleşdi.

Pikir soraşmanyň dowamynda awtomobil eýeleriniň, esasan, multimediýa toplumynyň we köp sanly sürüjä kömek ulgamlarynyň işine nägilelik bildirýändigini anyklamak başartdy. Şol bir wagtyň özünde, awtosöýüjiler üç ýaşly ulaglarda mehaniki näsazlyklardan seýrek zeýrenýärler.


24.06.2026 14:05
4.8k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......