«Altyn globus» baýrak gowşurylyş dabarasy 9-njy ýanwarda geçiriler

  • 19.10.2021 14:00
  • 3.2k+

Golliwudyň daşary ýurt metbugat birleşigi (HFPA) “Altyn globus” baýraklarynyň gowşuryljak senesini kesgitledi. Bu çäre 2022-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda geçiriler diýip, Variety habar berdi.

Filmler we teleseriallar üçin arzalary tabşyrmaklygyň ahyrky möhleti 15-nji noýabra bellenildi. Bu ýylky kategoriýalar we dalaşgärler 13-nji dekabrda yglan ediler.

“Altyn globus” baýraklaryna HFPA bilen baglanyşykly köp sanly dawalar sebäpli ýatyrylmak howpy abanýardy. Şeýle-de bolsa, tankytlara garamazdan, oktýabr aýynda guramaçylaryň baýrak gowşurylyş dabarasyny geçirmek isleýändigi mälim boldy.

"HFPA 2021-nji ýylyň netijelerini göz öňünde tutar" diýip, birleşik mälim etdi.

Şu ýylyň fewral aýynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 87 žurnalistden ybarat bolan emin agzalarynyň içinde garaýagyzlaryň ýoklugy barada habar berdiler. Şunuň bilen baglylykda, HFPA birnäçe reforma geçirmek kararyna geldi. Guramanyň habaryna görä, oktýabr aýynda, takmynan, 21 adam emin agzalarynyň hataryna kabul edildi. Olaryň arasynda 48% aýallar, 29% garaýagyzlar, 29% ispanlar we 24% aziýalylar bar.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....