Ispaniýaly inžener howadan suw alýan enjam döretdi

  • 18.10.2021 19:03
  • 8.7k+

Ispaniýaly inžener Enrike Weiga howadan agyz suwuny öndürýän üçin özboluşly enjam döretdi. Bu barada itcrumbs.ru habar berdi.

Oýlap tapyjy 82 ýaşynda. Ol şeýle enjamy döretmek pikiriniň özünde geçen asyryň 90-njy ýyllarynda - Ispaniýanyň 5 ýyllyk gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup, käbir sebitleriň agyz suw ýetmezçiligini başdan geçiren döwründe dörändigini aýdýar.

Onuň döreden enjamynyň işleýiş ýörelgesi kondisionere çalym edýär. Sebäbi olaryň ikisinde hem howany sowatmak üçin elektrik energiýasy ulanylýar. Emma kondisionerden tapawutlylykda, Weiga suw buglarynyň kondensasiýasyna has köp üns berdi. Enjam ilkibaşda temperaturasy 40 gradusdan ýokary howada işläp bilmedi, ýöne inžener ony ep-esli gowulaşdyrdy. Onuň esaslandyran “Aquaer” kompaniýasy her günde 50-70 litr suw öndürýän ykjam enjamlardan başlap, 5 tonna çenli suw almaga mümkinçilik berýän önümçilik enjamlaryna çenli dürli kuwwatly maşynlary hödürleýär.

"Aquaer" önümleri iň kyn şertlerde işletmek üçin niýetlenendir. Onuň iň soňky modelleri suw buglarynyň düzümi iş üçin 15%-den ýokary bolmadyk howany hem ulanyp bilýär.


şu gün 16:56
345

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....