Baş keşpde Robert Pattinson bilen “Betmeniň” treýleri çykdy

  • 18.10.2021 11:58
  • 4k+

Warner Bros. Pictures ilkinji gezek super gahrymanyň keşbini Robert Pattinsonyň ýerine ýetiren “Betmen” barada täze filminiň treýlerini görkezdi. Studiýa wideony sosial ulgamlardaky sahypalarynda ýerleşdirdi diýip, media.az habar berýär.

Treýlerde, Betmenden başga-da, Selina Kaýl (Pişik zenan), Pingwin we Matalçy (The Riddler) ýaly gahrymanlary görmek bolýar.

Pattinsondan başga-da, “Betmende” keşpleri Zoi Kraiws, Pol Dano, Kolin Farrell, Jeffri Raýt, Jon Turturro, Endi Serkis we beýlekiler ýerine ýetirdi. Filmi Mett Riwz (“Cloverfield”, “Maýmynlaryň planetasy: Rewolýusiýa”) surata düşürdi. Kartina 3-nji martda prokata çykar.

Öň, premýera 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirilipdi. Mett Riwz filmiň surata düşürilişiniň şu ýylyň mart aýynda tamamlanandygyny habar berdi. Kartinany düşürmek işleri COVID-19 pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek togtadyldy. 

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....