Malaýziýa BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine saýlandy

  • 16.10.2021 18:36
  • 3k+

BMG-niň Baş Assambleýasy Malaýziýany 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli üç ýyllyk möhlet bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy hökmünde saýlady. BERNAMA agentliginiň habar bermegine görä, Malaýziýanyň bu organda agzalygyna 183 wekil ses berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Malaýziýa Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda berkidilen adam hukuklary boýunça global gün tertibini ösdürmek üçin BMG-a agza döwletler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eder” – diýip, agentlik Malaýziýanyň premýer-ministri Ismail Sabri Ýakobyň sözlerini getirýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Malaýziýa BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň üçünji gezek agzasy boldy. Ol bu organa 2006 – 2009-njy we 2010 – 2013-nji ýyllarda hem saýlandy.

Saýlama bäsdeşlik bolmazdan geçirildi, Geňeşe 18 dalaşgäriň hemmesi saýlandy. Malaýziýadan başga-da, bular ABŞ, Kamerun, Eritreýa, Gambiýa, Benin, Somali, Katar, BAE, Gazagystan, Hindistan, Argentina, Paragwaý, Gonduras, Lýuksemburg, Finlýandiýa, Litwa we Çernogoriýa. Umuman, BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine 47 ýurt girýär, olaryň üçden bir bölegi her ýyl gaýtadan saýlanýar.


20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:05
3.7k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....