“Ýeke özi öýde” komediýasynyň remeýkiniň ilkinji treýleri çykdy

  • 15.10.2021 08:28
  • 8.6k+

Disney+ striming hyzmaty “Ýeke özi öýde” filminiň – baş keşbi Makoleý Kalkiniň ýerine ýetirmeginde adybir maşgala komediýasynyň remeýkiniň treýlerini çykardy. Bu barada style.rbc.ru habar berýär.

Bir ýarym minutlyk wideodan görnüşi ýaly, hödürlenjek remeýkiň sýužeti doly derejede diýen ýaly asyl nusgadaky filmiň wakasyny gaýtalaýar. 10 ýaşly Maksyň maşgalasy ony öýde ýatdan çykaryp, dynç almaga (ýöne Fransiýa däl-de, Ýaponiýa) gidýär. Ol ýekelikde ene-atasynyň yzyna dolanmaga synanyşýan wagtynda öýi gaban iki talaňça garşy durmaly bolýar. Ýeri gelende bellesek, indi ogrularyň biri zenandyr.

Filmiň režissýory “Oskar” baýragyna iki gezek nominant bolan Den Mazer (“Borat”, “Borat 2”) boldy. Baş keşpleri Arçi Ýeýts, Elli Kemper, Rob Delani we Timoti S.Saýmons ýerine ýetirdi. 

Filmiň sanly premýerasy 12-nji noýabrda Disney+ hyzmatynda bolar.  

“Ýeke özi öýde” – Kris Kolambus (“Garri Potter we jadygöýüň daşy”, “Hyzmatkär”) tarapyndan surata düşürilen we 1990-njy ýylda çykan kartina. Roždestwo güni ýatdan çykarylan oglanjyk baradaky bu film 18 mln dollar býujet bilen tas 480 mln dollar gazanyp, kino taryhynda iň üstünlikli komediýalaryň birine öwrüldi. 1992-nji ýylda filmiň ikinji bölümi çykdy, ol 20 mln dollar çykdajy bilen prokatda 359 mln dollar gazandy. Soňra franşizanyň “Ýeke özi öýde 3”, “Ýeke özi öýde 4” we “Ýeke özi öýde 5: Baýramçylyk talaňçylygy” atlary bilen ilkinji iki bölüm bilen baglanyşykly bolmadyk ýene üç bölümi çykdy. “Ýeke özi öýde” “Iň gowy film” we “Iň gowy erkek keşbi” nominasiýalarynda “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.

25.04.2026 15:42
3.2k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.3k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.7k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......

16.04.2026 22:53
1.9k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....