Hytaý Güni öwrenmek üçin hemra uçurar

  • 13.10.2021 01:48
  • 12k+

Ýakynda Hytaýda geçirilen awiasion-kosmiki serginiň dowamynda ýurduň Güni öwrenmek üçin ýörite hemra uçurmaga taýynlanýandygy mälim edildi hem-de enjamyň modeli görkezildi. Bu barada ryb.ru habar berdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, bu taslama başlanandan soň Hytaýyň aerokosmiki pudagy düýpgöter täze ösüş tapgyryna gadam basar. Enjam Günüň suratlaryny H-alfa spektrinden almaga mümkinçilik berer diýlip bellenilýär.

Onuň netijesinde alymlar Günde şöhle saçma mahaly bolup geçýän hadysalar barada täze maglumatlary ýygnap biljekdiklerine umyt edýärler. Olar ýanýan massanyň hereket tizligini, temperaturany we beýleki parametrlerini ölçärler. Mundan ozal bolsa Hytaýyň 200 MWt kuwwatly termo ýadro reaktoryny işe girizmek isleýändigi mälim bolupdy.


düýn 13:43
2.3k+

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner

Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy...

11.03.2026 15:23
7.8k+

Ýaponiýadaky täze açyş saçyň düşmegine garşy netijeli bejerginiň salgysyny berdi

Ýaponiýanyň RIKEN instituty we OrganTech biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary saçyň üznüksiz ösmegini üpjün edýän öýjükleriň ozal näbelli bolan görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Biochemical and Biophysical Research Communications atly ylmy žurnalda çap edildi...

10.03.2026 11:37
2.1k+

Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi...

09.03.2026 15:46
2.2k+

Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy

Australian Zoologist ylmy žurnalynda çap edilen täze gözleg, Günorta Awstraliýanyň Ýork ýarym adasyndaky «Dhilba Guuranda-Innes» milli seýilgähinde kiçi girdenek opossumyň (Cercartetus lepidus) bolmagynyň mümkindigini görkezýär...