Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

  • 11.10.2021 01:27
  • 8.8k+

Britaniýaly Taýson Fýuri super agyr agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasy boýunça dünýä çempiony titulyny gorady. Las-Wegasda (Newada ştaty) geçirilen 12 raundlyk söweşde Fýuri 11-nji raundda tehniki nokaut bilen amerikaly Deonteý Uaýlderi ýeňdi.

Boksçular üçünji gezek duşuşdylar. 2018-nji ýylyň dekabr aýynda bolan birinji söweş deňme-deň tamamlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýynda bolan ikinji söweşde 7-nji raundda Fýuri tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanyp, WBC guşagyna eýe boldy. Üçünji söweş geçen ýyl bolmalydy, ýöne birnäçe gezek yza süýşürildi.

Britaniýaly boksçy WBC-niň dünýä çempiony titulyny ilkinji gezek gorady. Ol 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ukrainaly Wladimir Kliçkodan üstün çykyp, Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýalary boýunça titullara eýe boldy. 33 ýaşly Fýuri professional ringde bir gezek hem ýeňilmedi, onuň hasabynda 31 ýeňiş (22-si nokaut bilen) we bir deňme-deňlik bar.

35 ýaşly Uaýlder 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2020-nji ýylyň fewral aýyna çenli WBC wersiýasy boýunça dünýä çempiony titulyna eýe bolup, ony on gezek gorady. Uaýlderiň hasabynda 42 ýeňiş (41-si nokaut bilen), iki ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.

Bu söweş üçin Fýuri kepillendirilen 30 mln dollar, Uaýlder 20 mln dollar gazanar. Şeýle-de, britaniýaly boksçy söweşi ýaýlyma bermek hukugyny satmakdan gelen girdeji paýlanan ýagdaýynda 60%-ini alar.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....