Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny «Nowaýa gazeta-nyň» baş redaktory we filippinli žurnalist aldy

  • 08.10.2021 19:11
  • 4.9k+

Norwegiýanyň Nobel komiteti 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Russiýanyň “Nowaýa gazeta” gazetiniň baş redaktory Dmitriý Muratowa we filippinli žurnalist Mariýa Ressa berdi. Laureatlary anna güni komitetiň başlygy Berit Raýss-Andersen yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Komitet bu baýragy “olaryň demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary üçin” bermek kararyna geldi. Raýss-Anderseniň aýtmagyna görä, demokratiýa – “bu jemgyýetleriň uruşlara we dawalara garşy gurup biljek iň gowy goragydyr”. “Ýöne söz azatlygy bolmazdan demokratiýa ýok” – diýip, ol belledi.

“Bular örän batyrgaý, abraýly žurnalistler, olara baýragyň berilmegi žurnalist bolmagyň nämäni aňladýandygyny we söz azatlygynyň hatda örän kyn, çäkli şertlerde hem nähili ulanylyp bilinjekdigini görkezýär” – diýip, komitetiň başlygy belleýär.

Dmitriý Muratow – Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolan ilkinji russiýaly. Öň, bu baýragy 1990-njy ýylda Mihail Gorbaçýow aldy. 

Muratow 1961-nji ýylda Kuýbyşewde (häzir Samara) dünýä indi. Ol žurnalistika karýerasyna “Wolžskiý komsomoles” gazetinde başlady. Muratow 1995-nji ýyldan bäri iki ýyllyk arakesme bilen (2017-2019) “Nowaýa gazeta” gazetiniň baş redaktory bolup işleýär. 

Mariýa Ressa Filippinleriň “Rappler” neşiriniň baş müdiri we esaslandyryjylaryň biri bolup, öň CNN amerikan teleýaýlymynyň Maniladaky býurosyna ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurduň häzirki prezidenti Rodrigo Duterteniň administrasiýasynyň hereketlerini tankytlandygy üçin birnäçe gezek aýyplamalara sezewar boldy. 

Bu Filippinleriň raýaty üçin ilkinji Nobel baýragydyr. 


15.01.2025 23:20
5.4k+

Nobel baýragynyň eýeleri azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdylar

Nobel we Bütindünýä azyk baýraklarynyň eýeleriniň 150-den gowragy azyk önümçiliginiň haýal etmän ýokarlandyrylmagyny talap edýän açyk hata gol çekdiler. The Guardian neşiriniň belleýşi ýaly, bu ýüzlenme dünýäde...

12.12.2024 09:14
3.3k+

Stokgolmda Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

10-njy dekabrda Stokgolm filarmoniýasynda Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw 11 laureaty lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet ugurlarynda gazanan...

10.10.2024 17:20
1.8k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragy günorta koreýaly ýazyjy Han Gana berildi

Nobel komiteti edebiýat boýunça baýragyň laureatyny yglan etdi. Şu ýyl baýrak “taryhy şikeslere garşy durýan we adamzat durmuşynyň gowşaklygyny açyp görkezýän baý şahyrana prozasy” üçin Günorta Koreýadan Han Gana...

12.12.2023 09:47
6.5k+

Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw Stokgolm filarmoniýasynda lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklaryny gowşurdy. 10 sany baýrak eýesi monarhyň elinden diplomlary we altyn...