Edebiýat boýunça Nobel baýragyny Abdulrazak Gurna aldy

  • 07.10.2021 18:45
  • 5k+

Tanzaniýaly ýazyjy Abdulrazak Gurna 2021-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Şwesiýa akademiýasynyň Nobel komiteti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Baýrak Gurna “kolonializmiň netijelerini we medeniýetleriň hem-de yklymlaryň girdabynda bosgunlaryň ykbalyny barlyşyksyz we duýgur görkezendigi üçin” berildi. 

Abdulrazak Gurna 1948-nji ýylda dünýä indi we Zanzibar adasynda önüp ösdi. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda ol bosgun hökmünde Beýik Britaniýa geldi. Gurnanyň on sany romany çapdan çykdy. Olardan iň meşhurlary – “Jennet” (1994), “Deňziň ýanynda” (2001), “Gaçgaklyk” (2005), “Iň soňky sowgat” (2011), “Çagyl ýürek” (2017). 

Bosgun temasy onuň döredijiliginiň esasy ideýasyna öwrüldi. Nobel komitetiniň belleýşi ýaly, bosgunlaryň ykbalyny düşündirmekde ýazyjy meňzeşlige we öz-özüňe baha bermäge ünsi jemleýär. Gahrymanlar medeniýetler bilen yklymlaryň serhedinde, köne bilen täze durmuşyň arasynda bolýarlar. Tanzaniýaly ýazyjynyň işleri okyjyny Gündogar Afrikanyň medeni köpdürlüligi bilen tanyşdyrýar. 


düýn 09:50
1.7k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

04.02.2025 19:55
4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär. Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel...