Jeýms Bonduň keşbini janlandyran iň meşhur aktýor aýdyldy

  • 07.10.2021 12:28
  • 6.2k+

“Casumo” kompaniýasy ulanyjy synlarynyň iň uly agregatory bolan IMDb-niň maglumatlaryna esaslanyp, rowaýaty jansyzyň keşbini ýerine ýetirijileriň arasynda kimiň has meşhurdygyny anyklady. Bu barada dni24.com habar berdi.

Netijelere görä, Internet ulanyjylary Daniel Kreýgi ýa-da Şon Konnerini däl-de, Timoti Daltony saýladylar. Ol iki gezek - 1987-nji ýylda "Gözleriň uçguny", 1989-njy ýylda bolsa "Öldürmek üçin ygtyýarnama" filmlerinde Bondyň keşbini janlandyrdy. Ol ulanyjylaryň 7.3 balyny aldy. Daniel Kreýg 7.2 bal bilen ondan biraz yzda. Şon Konneri bolsa 6,9 bal gazandy. Pirs Brosnan hem Bond-yň keşbini janlandyrypdy we ol hem 6,6 bal aldy. Iň soňky orunda Jorj Lazenbi ýerleşdi, ulanyjylar oňa 6.1 bal berdiler.

Şu gün - 7-nji oktýabrda iňlis jansyzy baradaky Daniel Kreýgiň janlandyran iň soňky film bolan "Ölmegiň wagty däl" filminiň dünýä premýerasy bolar. Taslamany döredijiler Daniel Kreýgi Jeýms Bondy oýnamaga çagyrandyklaryny we bu roly Kreýge öz gahrymany bilen hoşlaşmagy üçin  berendiklerini boýun aldylar.

düýn 18:30
1.4k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....