Şwesiýada Nobel hepdeligi lukmançylyk pudagynda laureaty yglan etmek bilen açylar

  • 04.10.2021 11:37
  • 2.7k+

Nobatdaky Nobel hepdesi duşenbe güni Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk pudagynda baýragyň laureatyny yglan etmek bilen açylar. Ýakyn günlerde beýleki nominasiýalarda hem baýragyň ýeňijileri belli bolar diýip, TASS habar berýär.

Ýagny, 5-nji oktýabrda Nobel komitetiniň fizika, 6-njy oktýabrda himiýa, 7-nji oktýabrda edebiýat boýunça karary yglan ediler, 8-nji oktýabrda bolsa Osloda Parahatçylyk baýragynyň laureaty belli bolar. 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan esaslandyrylan Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi 11-nji oktýabrda kesgitleniler. 

Alfred Nobel (1833-1896) özüniň wesýetnamasynda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça laureaty saýlamagy 1810-njy ýylda esaslandyrylan we häzirki wagtda dünýäniň iň abraýly bilim we ylmy lukmançylyk merkezleriniň biri bolan Stokgolmdaky Karolinska institutyna tabşyrdy. Onuň garamagynda döredilen Nobel komiteti öz gezeginde maslahat üçin hünärmenleri çagyrmak hukugyna eýe bolan bäş sany hemişelik agzadan ybarat. Dalaşgärleri hödürlemegiň möhleti 31-nji ýanwarda tamamlandy, şondan soň olary gözden geçirmek işi başlandy. 

Nobel komitetleri soňuna çenli baýraga dalaşgärler we olaryň dalaşgärligini hödürlänler barada hiç zat habar bermediler.


22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...