Türkmenistanda «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama» taýýarlanylýar

  • 02.10.2021 14:16
  • 22k+

Türkmenistanda «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler, şeýle hem Türkmenabat Halkara howa menzilinden rejeli howa ýük gatnawlaryny ýerine ýetirmäge rugsat almak barada türkmen Liderine beren hasabatynda aýdyldy.

Habar berlişi ýaly, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awiasiýa ulgamyny dolandyrmak, menejmentiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi döwrüň talaplary bilen şertlendirilendir hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, döwlet düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutany awia ýük daşamalarynyň ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp hem-de halkara logistika giňişligine goşulmak bilen, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Türkmen Lideri agentligiň ýolbaşçysyna ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, oňa birnäçe anyk görkezmeleri, şol sanda ýük uçarlarynyň daşary ýurtlara gatnawlaryny guramak babatda degişli görkezme berdi.


düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......